Hukuklary bellige aldyrmaklyk üçin gerekli resminamalar

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk hakynda

     Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 14508 belgili karary bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugy döredildi. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk (mundan beýläk - Gulluk) gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy babatda döwlet dolandyryşy amala aşyrýan döwlet edarasy bolup durýar. Gullugyň işine Türkmenistanyň Adalat ministrligi (mundan beýläk - Ministrlik) usulyýet we umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar, onuň işini utgaşdyrýar we oňa gözegçilik edýär. Gullugyň Ministrlik tarapyndan döredilýän we ýatyrylýan hem-de ýuridiki şahs bolup durýan welaýatlarda we welaýat hukukly şäherlerdäki müdirlikleri (mundan beýläk - Gullugyň müdirlikleri), şeýle hem şäherlerde we etraplarda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýan Gullugyň ýerli edaralary (mundan beýläk - Gullugyň ýerli edaralary) bardyr. Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny Gullugyň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.  Gulluk öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyn Raýat kodeksini, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny goldanýar.

Ýurdumyzdaky täzelikler

27.09.2021ý. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda harby ýöriş geçirildi

27.09.2021ý. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

26.09.2021ý. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky sebitde iri köpugurly toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

25.09.2021ý. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

23.09.2021ý. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi

20.09.2021ý. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

17.09.2021ý. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitine gatnaşdy

14.04.2021ý. ONLINE HYZMATLARYNY BERMEK IŞI ÝOLA GOÝULDY

27 Sent. 2021ý.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda harby ýöriş geçirildi

Şu gün Türkmenistanda esasy döwlet baýramy – Garaşsyzlyk güni bellenilýär. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler tutuş ýurtda geçirilýär.

27 Sent. 2021ý.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi beýik sene — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mundan 30 ýyl ozal dünýäniň...

26 Sent. 2021ý.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky sebitde iri köpugurly toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ...

Hukuklary döwlet sanawynda bellige aldyrmak

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy (mundan beýläk - hukuklaryň bellige alynmagy) - bu gozgalmaýan emlägiň obýekti, oňa bolan hukuklary we hukuklaryň borçlanmalary, şeýle hem hukuk eýeleri barada ýazgylaryň Döwlet sanawyna girizilmegi, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalarynyň döwlet tarapyndan ykrar edilmegi hem-de bu hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalarynyň döwlet tarapyndan goralmagy bolup durýar şeýle-de, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek we gözegçiligi amala aşyrmak bolup durýar.